Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandan habar bermegiň alty hepdesi


Türkmenistan. Polisiýa saklanan adamy şahsyýetini anyklamaga alyp barýar.

Türkmenistan. Polisiýa saklanan adamy şahsyýetini anyklamaga alyp barýar.

Türkmenistanyň izolýasiýaçy döwlet we «ýekemen patyşalyk» diýlip atlandyrylmagynyň bir topar sebäbi bar, emma şol sebäpleriň biri bu ýurtdan obýektiw informasiýa, maglumat almak ýa çykarmak kynçylygy bilen bagly.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugynyň, Azatlyk Radiosynyň bir habarçysy Ogulsapar Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabrynda, görnüşinden, erbet ýenjilmek netijesinde, türmede öldi. Azatlygyň ýene bir habarçysy Saparmyrat Öwezberdiýew bolsa, 2003-nji ýylyň noýabrynda zor bilen maşyna dykylyp, Aşgabadyň etegindäki gonamçylyga eltildi we urlup, ýol ýakasynda taşlanyp gaýdyldy. Onsoň ol ýerde soňky 20 ýylda Azatlygyň ähli habarçysy diýen ýaly tutulyp-saklanmagy başdan geçirmeli boldy.

Ogulsapar Myradowa

Ogulsapar Myradowa


Emma Azatlyk şindi hem işleýär we henizem onuň Türkmenistanyň içinde bolup geçýän zatlary habar bermäge synanýan habarçylary bar. Ol ýerdäki häkimiýetler bu işiň, ýagny ýurtdan obýektiw habarlary çykarmagyň biraz ýeňlemegi üçin hiç bir iş etmediler.

Biziň aşakda getirjek wakalarymyzyň ählisi 2013-nji ýylyň dekabrynyň aýagyndan 2014-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortasyna çenli aralykda boldy.

Ozaly, Azatlygyň habarçylary Türkmenistandaky ýagdaýa we düzgünlere belet: Sen hökümeti biabraý edip görkezjek maglumatlary gözlemeli däl, eger-de sen şeýle maglumaty ele salyp, soňam ony daşarky dünýä mälim etmekçi bolsaň, uly töwekgellige baş goşýarsyň.

Emma käbir temalary gozgamak, sosial problemalar barada habar bermek mümkin, ýöne şonda-da, aşakda getirjek mysallarymyzdan çen tutulsa, geçip bolýan we geçmesiz çäkler o diýen anyk kesgitlenen däl.

Mysal üçin, Azatlygyň habarçysynyň Maryda, demirýol stansiýasynda bilet üçin dörän uzyn nobat barada habar taýýarlamak synanyşygy onuň ýerli polisiýa stansiýasynda iki ýarym sagatlap saklanmagyna sebäp boldy.

Habarçy ýolagçylaryň bilet satyn almak üçin duran nobatyny wideo ýazgy etmekçi bolupdy, demirýol stansiýasynyň beýleki ýerlerini ýazgy etjek bolmandy. Polisiýa gelende, ol özüniň Azatlygyň habarçysydygyny aýtdy we maksadyny düşündirdi.

Onsoň habarçy polisiýa stansiýasynda guramaçylykly jenaýata we terrora garşy bölümiň işgärleri tarapyndan soraga çekildi. Ahyr netijede bolsa, onuň düşüren wideo ýazgysy öçürildi we oňa strategiki ähmiýeti bar diýip bilinýän edara-kärhanalaryň töwereginden wideo ýazgy etmezlik maslahat berildi.

Saparmyrat Öwezberdiýew, 2009

Saparmyrat Öwezberdiýew, 2009


Indiki gürrüň berjek wakamyz hem uzyn nobat bilen bagly, ýöne bu ýurduň günortasynda hökmany tehniki gözegçilikden geçmek üçin nobata duran awtoulaglaryň nobaty. Awtoulag eýeleriniň öz ulaglarynyň tehniki guratlygy barada wagtly-wagtynda resmi dokument alyp durmagy örän möhüm, sebäbi olar şol dokument esasynda döwletiň ulagly raýatlara mugt goýberýän ýangyjyny alyp bilýärler. Onsoň olar, her näçe uzyn ýa surnukdyryjy hem bolsa, bu nobata çydamaly bolýarlar.

Azatlygyň bir habarçysy awtoulag eýeleriniň tehniki gözegçilikden geçmek üçin durýan uzyn nobaty barada maglumat taýýarlamak maksady bilen bu sahnany mobil telefonynda wideoýazgy etmäge başlaýar. Bu ýagdaýy gören polisiýa ofiseri ara goşulyp, ony ýerli polisiýa stansiýasyna alyp gidýär. Ol ýerde ondan guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorizme garşy göreş bölüminiň işgärleri sorag edýärler. Bu sorag edişlik alty sagat töweregi wagta çekýär. Iň ahyrynda bolsa, habarçynyň mobil telefony we şahsy dokumentleri yzyna gaýtarylyp berilýär, elbetde, telefondaky widioýazgylar hem öçürilýär.

Azatlygyň bir habarçysy bolsa Aşgabatda polisiýanyň adamlary öz kwartiralarynyň aşagyndaky ýerzeminlerden göçürişi barada maglumat taýýarlamaga gitdi. Haçanda habarçy wideoýazgy etmäge başlanda, biri arkasyndan gelip, onuň kamerasyndan silkmäge başlady. Ol kamerany aljak bolman, ýazgy edilmegine päsgel bermäge çalyşdy. Netijede kamera zeper ýetdi. Ol bozgak polisiýa işgäri bolup çykdy. Habarçy soňra polisiýa stansiýasyna baryp, kamerasyna zeper ýetiren adamy jogapkärçilige çekmäge synandy. Polisiýa işgäri ötünç sorady, emma ondan zeper ýetiren enjamynyň çalşylmagyna delalat bolmady.

12-nji ýanwarda Gökdepe söweşiniň ýyl dönümi, Hatyra güni bellenildi. Bu senede 1881-nji ýylda rus goşunlary tarapyndan Gökdepede köpçülikleýin gyrlan türkmenleriň hatyrasy tutulýar. Hatyra güni Türkmenistan Sowet Soýuzyndan bölünip, garaşsyz ýurt bolaly bäri bellenilýär.

Bu uly waka we döwlet habar beriş serişdeleri ol barada her ýyl gepleşik taýýarlaýar. Emma Azatlyga bu ýyl Hatyra gününden gepleşik taýýarlamaga päsgel berildi. Azatlygyň habarçysy Gökdepedäki ýatlama çärelerine gatnaşyp, adamlaryň doga-dileg edişini ýazgy etmekçi boldy. Emma gapdaldan bir adam sokulyp, habarçynyň wideoýazgy etmegine yzygiderli päsgel berdi. Onsoň olaryň arasynda dawa başlandy we netijede Azatlygyň habarçysy ýatlama çäresiniň geçirilýän ýerinden çetleşdirildi.

Türkmenistan dekabr aýynda parlament saýlawlaryny geçirdi. ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasy ýaly günbatar guramalary, Türkmenistanyň saýlawlaryna syn etmek üçin, oňa resmi bolmadyk gözegçi toparlaryny ýollady.

ÝHHG-niň wekilleri metbugat ýygnagyny geçirdi we saýlaw kampaniýasynyň geçirilişi bilen bagly käbir tankydy bellikleri aýtdy. Azatlygyň bu waka barada maglumat taýýarlamakçy bolan habarçysy bolsa, howpsuzlyk işgäri tarapyndan üç sagada golaý saklanyp, metbugat ýygnagy gutaryp barýarka goýberildi.

Ol ýerde başga-da mysallar bar, emma şu ýatlap geçenlerimiz hem Türkmenistandan habar, maglumat çykarmagyň nähili hupbatly işdigini ýeterlik derejede görkezýän bolsa gerek.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň örän howply ýerlerden maglumat iberýän habarçylarynyň bardygyny we ol adamlaryň köplenç jemgyýetçilige gymmatly maglumat ýetirmek üçin öz janlaryny howp astyna salýandygyny aýtmak öwünmek bolmasa gerek.

Türkmenistana şol beýleki ýerlere bolşy ýaly kän üns berilmeýär, emma Azatlygyň habarçylarynyň erjelligi we görýän görgüleri olaryň Gündogar Ýewropadaky, Kawkazdaky, Eýrandaky, Yrakdaky, Owganystandaky we Pakistandaky kärdeşleriniňkiden peslär ýaly däl.

-- Muhammad Tahir, Brus Pannier

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG