Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Gyşky oýunlaryň gyzgalaňly güni


Amerikaly Jason Brown
Amerikaly Jason Brown
Ýekşenbede, Soçide geçýän Gyşky Olimpia oýunlarynyň ikinji gününde Olimpia medallarynyň dört tapgyry berildi.

Niderlandiýaly Irin Wust aýallaryň arasynda 3 müň metre konkide typmak boýunça geçirilen olimpia bäsleşiginde birinji boldy, çempionlygyny goraýan Martina Sablikowa bolsa, ikinji bolup geldi.

Olga Graf bürünç medaly utup, Orsýete Soçidäki ilkinji Olimpia medalyny alyp berdi.

Bir gün mundan öň awstriýaly sportçy Mattias Meýer dag lyžasy boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda altyn medal alan bolsa, şweýsariýaly Dario Kologna erkekleriň arasynda 30 km aralyga lyžada typmak boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy.

Meýer altyn medal utanynydan biraz soň «Roýter» habar gullugyna şeýle diýdi:

"Bu bir ajaýyp duýgy, men näme aýtjagymy bilemok, men muňa şeýle hoşwagt. Meniň hakykatdanam gowy ýyndamlygym bar, mazaly taýýarlyk hem gördüm, men bu ýerde iň ýüwrük sportçy bolup biljegimi bilýärdim we men indi şol iň ýyndam sportçy, bu diýseň gowy duýgy."

Ýewgeniý Pluşenko (Orsýet), 9-njy fewarl, 2014.
Ýewgeniý Pluşenko (Orsýet), 9-njy fewarl, 2014.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen sportçy Jeými Anderson bolsa, aýallaryň arasynda ýokardan aşak garda typmak boýunça, snowbord bäsleşiginde altyn medaly utdy.

Andersonyň ýeňşi Birleşen Ştatlara Soçide ikinji altyn medaly getirdi, şenbe güni Seýj Kotsenburg hem snowbordçy erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda birinji bolupdy.

Finlandiýaly Enni Rukaýarwi Andersondan soň ikinji bolup geldi, britaniýaly atlet Jenny Jones bolsa bürünç medal alyp, öz ýurduna gar üstündäki ýaryşda ilkinji Olimpia medalyny alyp berdi.

Ýekşenbe güni jemi sekiz medal gowşurylýar we bu ýagdaý ony Olimpiýa oýunlarynyň iň bir gyzgalaňly gününe öwürýär.

Olimpiýa oýunlaryna beýemçilik edýän Orsýet «figurnaýa kataniýa», ýzgny buzda taýmak boýunça gowy orunda bolup, ilkinji altyn medalyny almaga çalyşýar.

Orsýetiň sport ýyldyzy Ýewgeniý Pluşenko erkin typmak boýunça 2006-njy ýyldan bäri özüniň ikinji Olimpia medalyny alar öýdülýär.

Ýekşenbe gününiň ahyrynda aýallaryň arasynda erkin typmak we buzda tans etmek boýunça hem ýaryş geçirilýär.

Şu arada Olimpiadanyň gözegçi geňeşi Orsýetiň ýygyndysynyň erkekleriň arasynda 30 km aralyga geçirilen lyža ýaryşynyň netijelerinden bildiren nägileligini ret etdi.

Orsýetiň ýygyndysy Maksim Wilegžaniniň bürünç medal almagyna päsgelçilik döredilendigini aýtdy.

Wilegžanin bürünç medal ugrundaky çekleşikli ýaryşda norwegiýalay Martin Johnsrud Sundbiden yza galdy, ýagny norweg sportçysy ondan 0.1 sekund öň geldi.

Orsýetiň ýygyndysy Wilegžaniniň öňüniň nädogry görnüşde kesilendigini aýdyp, şikaýat etdi, emma Halkara Ski federasrýasy netijeleri tassyk etdi.

Sundbi norweg telewideniýesine özüne ýazmaça duýduryş berlendigini, emma bürünç medalyň özünde galýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG