Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Twitter sosial ulgamynyň alamaty, ýagny guşjagazlar

Twitter sosial ulgamynyň alamaty, ýagny guşjagazlar

“Ertir.com” sosial ulgamynda Serik atly agzanyň “Türkmen milli däp-dessurlarynyñ aýratynlyklary: Gaýynene bilen Gelin. Sizem garaýşyňyzy aýdaýyň-da?” diýen sözbaşy bilen gozgan temasy agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Üçünji fewralda gozgalan bu tema 10-nji fewrala çenli 463 gezek okalypdyr we oňa 25 teswir ýazylypdyr.
Otuz iki sapar halanan bu temada şeýle diýilýär: “Türkmen milli däp-dessurlarymyza görä, bir maşgalada ogul öýerilse onda ol gelni bilen bile eje we kakasynyñ ýanynda ýaşaýar. Eger-de öýde birden kän oglan bar bolsa onda iñ uly oglan öýlenýär we birnäçe ýyl maşgalasynyñ ýanynda ýaşaýar. Soñra özünden kiçi inisi öýlenensoñ, uly agasyny başga ýere göçürýärler. Öýleneniñden soñra ejeñ kakañ ýanynda ýaşamak, ýagny gelniñ bilen maşgalaň ýanynda ýaşamagyñ nähili gowy taraplary bardyr we nähili näsaz taraplary bardyr, geliñ, göz aýlalyñ. Aslynda täze durmuş gurýan jübütleriñ arasynda köp dawalaşylýan tema bolup durýar şul tema. Gelni diýýär “yok men seniň ejeñ dagy bilen bile ýaşajak däl, men aýra ýaşajak” ” diýen ýaly sözler bilen dowam edýär.
Umuman, temada, awtoryň aýtmagyna görä, öýlenen ýigit bilen onuň gelniniň we oglanyň ene-atasynyň arasyndaky soňky döwürlerdäki gatnaşyklar barada gürrüň edilýär.
Sofiolog ady bilen teswir galdyran agza: “Bu ýerde esasy pikirlenmek paýy ilki oglana düşýär. sebäbi ene-ata oňky. Gelinlik saýlanyňda-da şoňa görä saýlamaly. Meň özüm-ä ilki bilen şol meseläni pikir edýän. Gyzy näçe gowy görsemem, ene-atama hormat goýmajak bolsa, aýrylardym” diýip, bu tema baradaky garaýşyny ýazypdyr.
Adios Amigos ady bilen teswir galdyran agza bolsa: “Öňki döwürde aýrylyşmak uly biabraýçylykdy. Gyzyň maşgalasy utançdan görünmezdi. Indi nähilli?! Şeýle bir öwrenişipdiris, geňlämizogam. Näme üçin? Sebäbi gyz, sähel sene-mene bolsa, öýlerine gidýär. Olaram gel balam, gel janam diýip, ýüz berýärler” diýip, häzirki wagtda durmuş gurýan gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň özlerini alyp baryşlary barada öz garaýyşlaryny ýazypdyr.
“Ertir.com” sosial ulgamynda gozgalan bu tema şu we şuňa meňzeş teswirler bilen häzirem dowam edýär.
"Vkontakte”"
"Vkontakte" sosial ulgamynda bolsa “Top People of Turkmenistan” atly toparyň geçiren kiçijek bäsleşigi sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döreden temalaryň biri bolupdyr.
Bäsleşikde bu topar öz sahypasynda dokuz gyzyň suratyny ýerleşdirip, “Siziň pikiriňizçe, haýsysy iň haýran galdyryjy gyz?” diýip soraýar. Otuz birinji ýanwarda başlanan bu bäsleşik 4-nji fewrala çenli 94 sapar halanyp, 18 gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Bäsleşige jemi 944 adam ses beripdir we 43 sany hem teswir ýazylypdyr.
Bäsleşige Ksýuşa Balan, Aýgül Joraýewa, Selbi Orazowa, Inna Grigorýans we Adi Kurbanowa ýaly gyzlar gatnaşypdyrlar. 2-nji fewralda “Top People of Turkmenistan” atly topar bäsleşigiň ýeňijisiniň Inna Grigorýans bolandygyny yglan edipdir. Ýeňiji bolan Inna Grigorýansy gutlap, Selbi Orazowa, Aýlara Halniýazowa, Gunçaşa Halmuradowa ýaly agzalar hem teswir galdyrypdyrlar.
Twitter sosial ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanda böwetlenen. Şol sebäpdenem bu ulgamdan, esasan, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary peýdalanýarlar.

Ýurduň öz içindäkilerden bolsa gadagançylyk böwetlerini aňsat ýeňip geçmäge kömek edýän proksi programmalary ulanyp bilýän ýaşlar peýdalanýarlar. Soňky döwürde Twitterde işjeň hereket edýän türkmen ýaşlarynyň arasynda Gözel Babaýewa, Batyr Gurbanow, Maral Ýazmedowa, Merjen Agaýewa ýaly oglan-gyzlar bar.
Bu ulgamda Batyr Gurbanow bilen Gözel Babaýewanyň arasynda bolan bir söhbetdeşligi siziň bilen paýlaşasym gelýär. Batyr: “Ferrarim bolsa, Tejen-Aşgabat arasynda taksiçilik etjek :)” diýip, teswir ýazypdyr. Gözel muňa: “Mary-Aşgabat [arasynda] gatnasana, köpräk gazanarsyň” diýip, jogap galdyrypdyr. Batyr: “Sen-ä hemişelik müşderim bolarsyñ onda :)” diýse, Gözel: “Men garybyrak. Maňa samolýodam bolýa:-)” diýip, degişme bilen jogap beripdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG