Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Doga eseriniň bidin ulanylandygyny aýdýar


Moldowaly kompozitor orsýet häkimiýetleri tarapyndan “kemsidilendigi” aýtdy. 76 ýaşly Ýewgeniý Doga Gyşky olimpiýa oýunlarynyň anna güni Soçide bolan açylyş dabarasynda ulanylan öz eseriniň “weýran edilendigi” barada özüniň Facebookdaky sahypasynda habar berdi.

Şeýle-de Doga 1978-nji ýylda sowet kinofilmi üçin döreden bu sazynyň Soçide ulanyljagy barada orsýet häkimiýetleriniň özi bilen hatda geňeşmändigini Moldowanyň habar serişdelerine aýtdy.

Moskwada ýaşaýan emma tiz-tizden Kişinewe baryp gaýdýan Ýewgeniý Doga öz awtorlyk hukugynyň bozulandygyny aýdýar we Olimpiadanyň guramaçylaryny suda bermek niýetini mälim edýär. Orsýetiň Milli olimpiýa komiteti bu barada öz pikirini mälim etmedi.
XS
SM
MD
LG