Sepleriň elýeterliligi

Stawropol: Yslamçy adam öldürmeleri boýun aldy


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileriň lideri Stawropol regionynda geçen aýda alty adamyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Ýekşenbe güni internetde ýerleşdirilen wideoda Tengiz Guketlow agzalan gyrgynçylygyň häzir Soçide geçýän olimpiýa oýunlaryna päsgel bermek barada edilen ozalky haýbatlar bilen gatnaşygynyň bolmandygyny aýtdy.

Guketlow alty adamyň öldürilmeginiň howpsuzlyk güýçleriniň geçiren dürli çärelerinde ýerli musulmanlardan 35 adamyň ölümine jogap bolandygyny aýtdy. Guketlow şol 35 musulmandan hiç biriniň yslamçy söweşiji bolmandygyny aýtdy.

Alty adamyň jesedi geçen aýda Stawropol şäheriniň daşynda awtoulaglaryň içinde we ýanynda tapylypdy. Iki awtoulagyň içi minaly bolupdy.
XS
SM
MD
LG