Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan-BMG: Gün tertibinde gynamalar


Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojidin Aslow Duşenbede BMG-niň gynamalar boýunça ýörite wekili Juan Mendez bilen duşuşdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni aýtmagyna görä, taraplar Täjigistanyň öz raýatlary babatynda gynamalaryň we adamkärçilige ters gelýän garaýyşlaryň öňüni almak boýunça halkara ylalaşyklaryna goşulmagynyň mümkinçiligini, şeýle-de Duşenbäniň gol çeken Gynamalara garşy halkara konwensiýasyny berjaý edişini ara alyp maslahat edipdirler.

Şenbe güni Täjigistanyň “Yslam galkynyş” atly oppozision partiýasy Duşenbede konferensiýa geçirip, ýurduň türmelerinde we polisiýasynda gynamalaryň edilmegine ünsi çekdi. Täjigistanyň adam hukuklaryny goraýjy guramalary hökümeti soňky ýyllarda türmelerde şübheli ýagdaýda ýogalan tussaglaryň ölüminiň sebäplerini derňemäge çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG