Sepleriň elýeterliligi

Kabulda bomba partlady


Owganystanyň paýtagtynda bomba partlamasy boldy. NATO-nyň ýolbaşcylygyndaky halkara koalisiýasy bu partlamada NATO-nyň Owganystanda hakyna tutulan iki sany raýat işgäriniň wepat bolandygyny aýtdy. Kabulda duşenbe güni bolan bu partlamanyň jogapkärçiligini “Hizb-i-Islami” söweşiji topary öz üstüne aldy.

Polisiýanyň metbugat-wekili Haşmat Stanikzaý hüjümçiniň içi bombaly awtoulagy Pul-i-Çarkhi türmesiniň golaýynda NATO-nyň ulaglaryna baryp urandygyny aýtdy. Polisiýanyň aýtmagyna görä, Owganystanyň raýatlaryndan azyndan ýedi adam ýaralanypdyr.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň Owganystandaky soňky ýylynyň dowamynda “Talyban” öz hüjümlerini güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG