Sepleriň elýeterliligi

ÝB Ukraina barada maslahat geçirýär


Brusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Ukrainadaky we “Gündogar partnýorlygy” proýektiniň düzümine girýän beýleki ýurtlardaky ýagdaýy maslahat edýärler.

Azatlyk Radiosyna ÝB-däki çeşmelerden mälim bolşuna görä, ÝB-niň ýurtlary Ukrainada hökümete garşy çykyş eden adamlary yzarlamakda oppozisiýa tarapyndan günälenýän ukrain resmilerine garşy sanksiýalary girizmek isleýärler.

Şol bir wagtda-da Brussel sanksiýalaryň ÝB-niň esasy guraly bolman, häzirki ýagdaýda dialogyň ýola goýulmagyna has amatly ýol, hökmünde garaýar, diýip Ýewropa Bileleşiginiň diplomatyna salgylanyp DPA agentligi habar berýär.
XS
SM
MD
LG