Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Medallar ugrunda göreş gidýär


Duşenbe güni Soçide germaniýaly lyžada typýan sportçy Maria Hoefl-Rieş slalom ýaryşynda ýeňiş gazandy. Özüniň ikinji sapar gazanan bu ýeňşinde Hoefl Rieş awstriýaly Nikol Hospy 0.4 sekund öňürtdi.

Amerikaly Julia Mankuso üçünji ýere çykyp, bürünç medala eýe boldy.

Şeýle-de duşenbe güni Kanadaly Çarles Hamelin 1,500 metrlik distansiýada birinji boldy. Onuň yzyndan hytaýly sportçy Han Tianyu barýar. Üçünji orna orsýetli Wiktor Ahn mynasyp boldy we bürünç medal gazandy.

10-njy fewralda Soçidäki Olimpiadada medallaryň jemi bäş komplekti ugrunda bäsdeşlik gidýär.

Aýallaryň we erkekleriň arasynda lyžada typmak boýunça we buzda typmak boýunça ýaryşlaryň birnäçe görnüşlerinde bäsdeşlik geçirilýär. Şeýle-de aýallaryň arasynda hokkeý we kýorling boýunça ýaryşlar bolar.
XS
SM
MD
LG