Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Symmonds: Syýasat mydama sporta gatyşmaga çalyşýar


ABŞ-nyň ýüwrügi Nik Symmonds
ABŞ-nyň ýüwrügi Nik Symmonds
ABŞ-nyň ýüwrügi Nik Symmonds geçen ýylyň tomsunda Moskwada geçirilen atletika boýunça dünýä çempionatynda medal gazandy we şol bir wagtda-da öz syýasy hereketi bilen meşhur boldy. Sportçy Orsýetiň “geý propagandasyny” gadagan edýän kanunyny köpçülikleýin ýazgardy. Symmonds kanun bilen razylaşmaýandygyny, sebäbi “geýleriň, lesbileriň we transgenderleriň” adaty jynsly adamlar bilen deň hukukly adamlardygyny Orsýetiň habar agentligine açyk mälim etdi.

Simmons şu günler Soçide geçýän gyşky Olimpiýa oýýunlaryna gatnaşýan öz kärdeşlerine syn edýändigini aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Nik Symmonds bilen syýasatyň we sportuň arasyndaky arabaglanyşyk barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz gomoseksuallaryň hak-hukuklary bilen bagly meselede iň tanymal amerikan sportçularynyň biri. Siz syýasy meseleler bilen haçan gyzyklanyp başladyňyz?

Nik Symmonds: Meniň enem-atam meni mydama öz pikirimi aýtmaga we ýeri gelende sorag bermäge ündeýärdi. Men sportçy bolanymda, esasan öz işimi etmek bilen meşgullandym we tiz ylgamak, ýeňiş gazanmak bilen boldum. Emma men has giň gerimli we has köp zatlary edip bilerdim diýen pikirler hem mydama aňymdady. Men syýasy taýdan aktiw bolmaga çalyşmadym, emma geýleriň nikalaşmagy ABŞ-da örän uly meselä öwrülende, hökümetiň başga raýatlara berilýän hukugy geýlere bermekden ýüz öwürmegi mende gahar-gazap döredipdi we men bu barada öz pikirimi beýän edipdim.

Azatlyk Radiosy: 2013-nji ýylyň awgust aýynda Moskwada bolan atletika boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda siz bu çärä gatnaşanyňyzda öz garaýyşlaryňyzy mälim etmekden saklanmak niýetiňiziň bardygyny aýdypdyňyz. Emma siz, 800 metrlik distansiýada üstünlikli çykyş edip kümüş medal gazananyňyzdan soň, öz pikiriňizi üýtgetdiňiz? Näme üçin?

Nik Symmonds: Men Orsýetde gomoseksuallar jemgyýetiniň käbir wekilleri bilen duşuşdym. Olaryň käbirleri häzirki wagtda özlerine hatda sowet döwründen hem has erbet garalýandygyny aýtdylar. Muny eşitmek gaty geňdi. Men bu ýerde çykyş etmegiň möhümdigine düşündim. Şeýlelikde men öz işimi bitirip, boýnuma kümüş medaly dakynanymdan soň, men bu medaly Orsýetiň gomoseksuallar jemgyýetine gowşurdym. Bu hereket özüne uly ünsi çekdi.

Men täsiriň hut şeýle uly boljagyna garaşmandym. Meniň Orsýetde ýurduň kabul eden akyla sygmajak kanunlaryna garşy açyk çykyş eden birinji sportçy bolan bolmagym mümkin.


Azatlyk Radiosy: Trenerleriňiz sizi syýasy çykyşlardan saklanmaga synanyşdylarmy?

Nik Symmonds: Meniň trenerlerim meni çäklendirmeýärler we [çäklendirmek] düzgünini ýöretmeýärler. Olar diňe biziň bilelikde näçe köp zähmet çekendigimizi we çäräniň näderejede möhümdigini ýatladýarlar. Olar ABŞ-nyň sportçularynyň tutuş toparyny bar ünsüni işe gönükdirmäge we sport çäresine uly hormat bilen çemeleşmäge ündeýärler. Men çäkden geçmezlige synanyşyp, öz pikirimi beýan edipdim. Men hiç bir düzgüni bozmadym, diýip pikir edýärin, şol bir wagtda-da gürrüňi edilýän kanunyň näderejede çylşyrymly ýazylandygyny biziň ählimiz bilýäris, şeýlelikde türmä basylmak üçin nämäniň sebäp bolup biljegini hem hiç kim tanyk bilmeýärdi.

Azatlyk Radiosy: Siz gyşky Olimpiýa oýunlaryndan syýasy nukdaýnazardan nämä garaşýarsyňyz?

Nik Symmonds: gyşky Olimpiýa oýunlary babatynda aýdylanda, men snowbord, slalom we beýleki sport görnüşlerinde çykyş edýän sportçularyň nähili häsiýetli adamlardygyna ünsi çekesim gelýär. Olar erkin dem alyp, adrenalini gowy görýän adamlardyr. Men olaryň, Orsýetiň kanunyny bozmajak bolup, çäklendirmeleriň gysajyna düşýändigini görýärin. Men munuň syýasy bir sahnadygyny görýärin we şeýle ýagdaýda sportçularyň bar ünsüni öz işine, ýagny medal gazanmak maksadyna doly gönükdirip bilmejegine göz ýetirýärin.

Emma olar öz pikirini mälim etmek isleseler, men olaryň muny özboluşly usulda etmegine garaşýaryn. Meniň pikirimçe, olar birleşip, umumy bir topar hökmünde hereket edip bilerdiler, şeýlelikde olaryň sesi has batly ýaňlanardy. Bu älemgoşaryň reňkleri çekilen baýdajyklary dakynmak ýa-da öz dyrnaklaryňy dürli reňke boýamak ýaly kiçijik bir zat hem bolup bilerdi. Olaryň tapan usulyna syn etmek örän gyzykly bolardy diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz ”Prisnip 6” diýlip atlandyrylýan kampaniýanyň agzasy, bu hereket Olimpiadanyň altynjy maddasynyň berjaý edilmegini we Halkara olimpiýa komitetiniň diskriminasiýanyň hiç bir görnüşine ýol bermezligini talap edýär. Halkara olimpiýa komiteti bolsa Orsýetiň geý propagandasyna garşy kanunyna berk durmaýanlygy üçin tankyt edildi. Siz sportçy hökmünde Halkara olimpiýa komitetiniň pozisiýasyndan nägilemi?

Nik Symmonds: Halkara olimpiýa komitetiniň öňünde agyr wezipe dur. Ol gyşky Olimpiýa oýunlaryny Soçide geçirmek kararyna Orsýetde azgalýan kanun kabul edilmezinden has öň gelipdi. Şu sebäpden ol iki daşyň arasynda galýar. Ol Soçiniň gyşky Olimpiadanyň gidişinde sportçularyň özlerini alyp barşyna nähili jogap berjegine syn etmeli diýip pikir edýärin. Men Halkara olimpiýa komitetiniň hökümetleriň öz kanunlaryny üýtgetmegi üçin basyş etmäge ygtyýarlydygyny ýa-da däldigini bilmeýärin. Emma, bilşime görä, olar Olimpiada gatnaşýan ähli sportçulara, tomaşaçylara we olimpiýa çärelerine gatnaşýan her bir adama deň gözden garalmagyna kepil geçmeli.

Azatlyk Radiosy: Siz 2008-nji ýylda Pekinde we 2012-nji ýylda Londonda bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etdiňiz, indi bolsa 2016-njy ýylda Rio de Žaneýroda boljak Olimpiada taýýarlyk görýärsiňiz. Siz öz syýasy garaýyşlaryňyzy mälim etmek üçin indiki Olimpiýa oýunlaryndan peýdalanmakçymy?

Nik Symmonds: Syýasat mydama sporta goşulmaga çalyşýar, aýratynam halkara sportuna. Olimpiýa oýunlarynda syýasy mesele ýüze çyksa, men hem şol oýunlarda sport bäsdeşligine gatnaşsam, Orsýetde edişim ýaly, myhman alýan tarapa hormat goýmaga hem-de öz ýurduma, ABŞ-a, medal gazanmak üçin öz işimi gowy berjaý etmäge synanyşaryn. Emma öz işimi bitiren badyma, adaty bir syýahatçy hömünde men ähli täsirleri we mümkinçilikleri gowulyga tarap özgerişi gazanmak üçin ulanmaga çalşaryn.
XS
SM
MD
LG