Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Täze ordenler döredildi


Türkmenistanda iki sany täze orden döredildi.

“Oguzhanyň Ýyldyzy” atly sylag bilen ýurduň ýaragly güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň harby howpsuzlygy we döwletiň goranyş ukybyny berkitmek ugrunda görkezen edermenligi üçin sylaglanjakdygy resmi maglumatlarda habar berilýär. Bu sylagyň eýelerine ortaça aýlygyň 30 esse möçberindäki pul baýragy bir gezek beriler, şeýle-de her aýda aýlygyň ýa pensiýanyň üstüne 30 % möçberde goşmaça pul tölener.

“Zenan kalby” ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary bolan we ýurduň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we onuň kanuny bitaraplyk statusyny pugtalandyran, şeýle-de ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşant goşan zenanlar sylaglanar. “Zenan kalby” sylagynyň eýelerine ortaça aýlygyň 10 esse möçberdäki pul sylagyň beriljekdigi we her aýda aýlygyna, pensiýasyna ýa stipendiýasyna 30% goşmaça puluň tölenjekdigi barada aýdylýar.

Türkmenistanda döwlet sylaglarynyň ençemesi bar, şol sanda “Garaşsyzlyk”, “Bitaraplyk”, “Prezidentiň ýyldyzy”, “Beýik Saparmyrat Turkmenbaşy ” we “Gurbansoltan eje” atly ordenler we birnäçe medallar bar.
XS
SM
MD
LG