Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan teňňäniň gowşamagyna ýol berýär


Gazagystanyň Merkezi banky ýurduň milli puly teňňäniň maliýe bazaryň üýtgäp durmagyna görä 19% çenli hümmetsizlenmegine rugsat bermek kararyna gelendigini yglan etdi.

Bank öz beýannamasynda teňňäni goldamak boýunça çärelerini gowşadyp, içerki walýuta bazaryna goşulmagyny çäklendirmek planlaryny mälim etdi. Gazagystanda pul çalyşýan nokatlaryň ählisi amerikan dollary bilen bagly alyş-çalyş operasiýalary togtady.

Gazagystanyň Birleşdirilen maliýe biržasy sişenbe güni açylanda 1 amerikan dollary 186 teňňä barabar boldy. Duşenbe güni 1 amerikan dollary 156 teňňä durýardy. Gazagystanyň Milli bankynyň başlygy Kaýrat Kelimbetow öz edarasynyň milli puly durnuklandyrmaga we 1 dollaryň 185 teňňä barabar bolmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny žurnalistlere aýtdy.

Ýurduň esasy banklarynyň biri “BTA” banky 1 amerikan dollaryny 190 teňňä satýar, “Alýans banky” 1 dollary 215 teňňä hödürleýär.
XS
SM
MD
LG