Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bellenýär


Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 35-nji ýyl dönümini bellemek üçin ýüzlerçe müň adam Tähranda jemlendi. 1979-njy ýylyň rewolýusiýasynda ABŞ tarapyndan goldanýan Şah Mohammad Reza Pahlawi tagtdan agdarylypdy we häkimiýet başyna yslamçylar geçipdi.

Döwlet mediasy köpçülikleýin ýörişleriň ýurduň ähli künjeklerinde geçirilýändigi barada habar berdi. Tähranyň Azadi meýdançasynda ýygnanan adamlar ABŞ-a we Ysraýyla garşy şygarlary öňe sürdüler. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranda çykyş etdi. Rohani “Eýran halkyna garşy edilen islendik haýbat esassyzdyr” diýip aýtdy.

Belli bir derejede aram syýasatçy hasaplanýan Rohani geçen ýylyň awgust aýynda döwlet başyna geçensoň Günbatar bilen gepleşiklere ýykgynlyk görkezdi.

Noýabr aýynda Eýran we dünýäniň iň täsirli alty döwleti wagtlaýyn ylalaşyga geldiler. Ylalaşyga laýyklykda, Tähran özüniň urany baýlaşdyrmak boýunça gapma-garşylykly programmasyny togtatmaga razy boldy muňa derek Eýran babatyndaky käbir halkara sanksiýalary gowşadylmaly.

Rohani ýadro programmasy boýunça halkara gepleşikleri “Ýewropa we ABŞ üçin taryhy synag” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG