Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan ýyldyzy Ş.Templ aradan çykdy


Amerikan kino ýyldyzy Şirli Templ Blak Kaliforniýada aradan çykdy. Ol 85 ýaşyndady. Onuň öz maşgalasynyň we hossarlarynyň arasynda dünýäden ötendigi barada habar berildi.

Şirli Templ 1930-njy ýyllarda filmlerde çagalaryň roluny ýerine ýetirmek bilen uly meşhurlyk gazanypdy.

Kino sungatyna goşan goşandy üçin ençeme abraýly halkara baýraklary bilen sylaglanan Şirli Templ durmuşynyň soňky ýyllarynda ABŞ-nyň Ganadaky ilçisi bolupdy. Şeýle-de ol öz döwründe ABŞ-nyň postkommunist Çehoslowakiýa ilkinji ilçisi bolupdy.
XS
SM
MD
LG