Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Teňňäniň hümmeti gaçýar


Gazagystanyň teňňe pul birligi

Gazagystanyň teňňe pul birligi

Gazagystanyň Merkezi banky, maliýe bazaryň üýtgäp durmagyny sebäp hökmünde görkezip, ýurduň milli puly teňňäniň 19%-e çenli hümmetsizlenmegine rugsat bermek kararyna gelendigini habar berdi.
Bank öz beýannamasynda teňňäni goldamak boýunça alyp barýan çärelerini gowşadyp, içerki walýuta bazaryna goşulmagyny çäklendirmek planlaryny mälim etdi.
Beýannamada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Federal ätiýaçlyk sistemasynyň stimulirleme programmasynyň ýuwaş-ýuwaşdan pese gaçmagy ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlardan başlap, ösen ýurtlara çenli kapitalyň pese gaçmagyna alyp barandygy we bu ýagdaýyň ösüp barýan ýurtlaryň walýutasyna basyş edýändigi bellenilýär.
“1 amerikan dollary 185 teňňä barabar”
Gazagystanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Kaýrat Kelimbetow, “Habar” telekanalyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Gazagystanyň Merkezi banky 11-nji fewraldan başlap teňňäniň öňki hümmetini goldamagy bes etmek kararyna geldi. Siziň-de bilişiňiz ýaly, düýn 155,6 teňňe 1 amerikan dollaryna barabardy. Biz teňňäniň täze hümmetiniň 185 teňňäniň 1 amerikan dollara barabar bolmagy bazaryň talaplaryna laýyk diýen karara geldik. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn: 185 teňňe 1 amerikan dollaryna barabar bolar”.
Gazagystanyň Birleşdirilen maliýe biržasy sişenbe güni açylanda, 1 amerikan dollary 186 teňňä barabar boldy. Duşenbe güni 1 amerikan dollary 156 teňňä durýardy. Gazagystanyň Milli bankynyň başlygy Kaýrat Kelimbetow öz edarasynyň milli puly durnuklylaşdyrmaga we 1 amerikan dollarynyň 185 teňňä barabar bolmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny hem žurnalistlere mälim etdi.
Şeýle-de Kelimbetow ýurduň senagat obýektleriniň işini dowam etdirmegi üçin milli puly hümmetsizlendirmegiň möhüm bolandygyny belledi. Ol ýurduň ýyllyk infilýasiýasynyň derejesini 6-8 göterimde saklamak üçin ähli çäräniň görüljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Kelimbekow köpçüligiň öňünde eden soňky çykyşlarynyň birinde halka girdejilerini teňňede saklamaga çagyryş edipdi.
Täsirleri
Bu aralykda milli pul birliginiň hümmetiniň birden pese gaçmagy tutuş ýurtda ençeme dükanlaryň ýapylmagyna sebäp boldy. Gazak bazarlarynda we dükanlarynda, daşary ýurtlarda nagt pula satyn alnyp, import edilen harytlar satylýar.
Sişenbe güni Gazagystanyň Merkur Awto, Allur Awto we Bipek Awto ýaly ulag satýan belli kampaniýalary teňňäniň resmi hümmeti durnuklanýança, edaralarynyň alyp barýan işlerini togtadýandyklaryny yglan etdiler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazagystandaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda pul çalyşýan nokatlar amerikan dollaryny we ýewro pul birligini satmagy bes edipdir ýa-da şol edaralar dolulygyna ýapylypdyr.
Beýleki banklar
Muňa garamazdan, Gazagystanyň Alýans banky 1 amerikan dollaryny 215 gazak teňňesine satýarka, ýurduň öňe saýlanan banklarynyň biri, ýagny BTA 1 amerikan dollary üçin 190 gazak teňňesini soraýar. Almatydaky hususy pul çalyşýan nokatlaryň biri hem 1 amerikan dollaryny 205 gazak teňňesine satýar.
Almaty welaýatynyň paýtagty Taldy-Gurgan şäheriniň käbir ýerlerinde 1 amerikan dollary 220 gazak teňňesine satylýar. Gazagystanyň demirgazygyndaky Aktob şäherindäki käbir banklarda bolsa 1 amerikan dollary 189 teňňä satylýar.
Bu ýagdaý internetde we sosial ulgamlarda gahar-gazaply reaksiýalaryň döremegine sebäp boldy. Gazagystanlylaryň köpüsi dükanlarda we bazarlarda harytlaryň nyrhlarynyň şübhesiz birden ýokary galjakdygyny, ýöne muňa garamazdan, öz aýlyklarynyň puluň täze hümmetine görä hasaplanyp beriljekdigini aýdýarlar. Gazagystan ýurduň bazarlarynda satylýan harytlaryň aglabasyny daşary ýurtlardan import edýär.
Ýurtdaky käbir gyrgyzystanly, özbegistanly we täjigistanly işçi migrantlar hem howsala düşdüler. Ýagny, Gazagystandaky müňlerçe migrant işçileriň aýlyklary gazak teňňesi bilen tölenýärdi we soňra olar teňňäni amerikan dollaryna çalşyp, öz ýurtlaryndaky maşgalalaryna ugradýardylar.
Gazagystanda teňňäniň hümmetiniň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaý soňky gezek 2009-njy ýylda bolupdy. Şonda Gazagystanyň Merkezi banky teňňäniň hümmetiniň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda 1 amerikan dollarynyň 117-123 teňňe bolanlygyndan onuň hümmetini 150 teňňä çenli aşak düşüripdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG