Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda gaz partlady


Özbegistanyň Nawoi şäherinde tebigy gazyň partlamagy zerarly alty adam öldi we ýedi adam ýaralandy.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýyň gaz bilen üpjünçiliginiň ençeme sapar kesilmegi sebäpli öý eýeleri gaz ojagynyň gözeneklerini açyk galdyrypdyrlar. Gaz gaýtadan berilip başlansoň partlama emele gelipdir.

Özbegistanyň raýatlary gaz ojaklaryny öz jaýlaryny ýylatmak üçin ulanýarlar. Sowet döwründe gurulan merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy işlemeýär. Soňky günlerde Merkezi Aziýa regionynda howa adaty bolmadyk ýagdaýda sowuk boldy.

Geçen hepdede Samarkand regionynda dört adamdan ybarat maşgala gazdan zäherlendi. 2-nji fewralda Fergana regionynda dört adamdan ybarat ýene bir maşgala gazyň partlamagynyň netijesinde öz oýünde ýandy.
XS
SM
MD
LG