Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Ýetim çagalar daşary ýurtlylara beriler


Gyrgyzystanda ýetim çagalaryň daşary ýurtly maşgalalar tarapyndan ogullyk alynmagyna degişli täze düzgünler girizilensoň bu proses ýene dikeldildi. Täze düzgünler gyrgyzystanly çagalaryň maşgalalara berilmegi boýunça işe gatnaşýan ähli daşary ýurtly şirketleriň barlanmagyny talap edýär.

Gyrgyzystanly çagalaryň daşary ýurtlylar tarapyndan ogullyk alynmagyna degişli düzgünler 2011-nji ýylda ýurduň sosial gorag boýunça öňki ministri Rawşan Sabirow çagalaryň maşgalalara berilmeginiň guramaçylygy üçin para almakda günäli tapylansoň ýatyrylypdy.

Gyrgyzystanyň sosial ösüş ministrliginiň sişenbe güni aýtmagyna görä, häzirki wagtda ministrlik Gyrgyzystandan çagalary ogullyk almak boýunça finlýandiýaly şirketiň dokumentlerine garaýar.

Sabirowyň günälenmegi bilen bagly waka ençeme gyzgyzystanly ýetim çagalaryň amerikan maşgalalaryna berilmegine päsgelçilik döredipdi. Käbir çagalar Gyrgyzystanda talaba laýyk medisina kömegini alyp bilmän aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG