Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SUSI programmasy arzalary kabul edýär


Ýewropada Howsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç žurnalistika ugrundan bilim alýan türkmen talyplar
Ýewropada Howsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç žurnalistika ugrundan bilim alýan türkmen talyplar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasy zenanlaryň liderligi boýunça SUSI programmasy üçin arzalary kabul etmegini dowam edýär. ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websahypasynda habar berilmegine görä, gürrüňi edilýän programma üçin arzalar 21-nji fewrala çenli kabul ediler.
Bu nähili programma?
Gürrüňi edilýän websahypada bellenilmegine görä, SUSI Birleşen Ştatlaryň zenanlaryň liderligini öwrenýän institutynyň ýokary derejeli akademiki programmasydyr. Bu programmanyň maksady häzirki wagtda ýokary okuw jaýlarynda okap ýören talyplara Birleşen Ştatlar barada has çuňňur düşünje, maglumat bermekden ybaratdyr.
Bu programma arzasyny tabşyryp, kabul edilen talyplar ABŞ-nyň institutynda bäş hepde okarlar diýlip, agzalýan websahypada bellenilýär. Talyplar bäş hepdäniň dowamynda ençeme seminar diskussiýalaryna, okuw sapaklaryna, toparlaýyn tanyşdyrylyşa we leksiýalara, şeýle-de öwrediji syýahatdyr gezelençlere gatnaşarlar.
Bu websahypada bellenilmegine görä, Zenanlaryň liderligi baradaky okuw programmasy Amerikanyň Waşington ştatynyň Obern şäherindäki “Green River Community College” atly ýokary okuw jaýynda guramalaşdyrylýar. Bu programma gatnaşmaga hukuk gazanan zenanlaryň dürli kärlerde işleýän amerikaly aýal liderler bilen duşuşmaga mümkinçilikleri bolar.
Şeýle-de gürrüňi edilýän programma gatnaşyjylaryň her biriniň lider hökmünde özüniň üstünligini görkezýän bir proýekti planlaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge mümkinçiligi bolar.
Programma kimler arza tabşyryp biler?
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, programma dalaş edýanleriň ählisiniň iňlis dili boýunça ussatlygy ýokary bolmaly. Şeýlelikde olar ähli akademiki programmalara işjeň gatnaşyp bilerler diýlip, agzalýan websahypada bellenilýär.
Dalaşgärlerden talap edilýän şertler
Gürrüňi edilýän websahypada bellenmegine görä, bu programma 5 ýyllyk uniwersitetleriň ýa-da institutlaryň 1-4-nji kurs talyplary, dört ýyllyk ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň arasyndan hem 1-3-nji kursuň talyplary arza berip bilerler.
Bu programma boýunça kämilleşmäge höwes edýän dalaşgärler jemgyýetçilik işlerine we okuwdan daşary işlere gatnaşan, akademiki işlerde çykyş eden, şol sanda zenanlaryň liderligine degişli temalar boýunça gyzyklanma görkezen bolmaly diýlip websahypada bellenilýär.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websahypasynda dalaşgärleriň okaýan ugurlarynda üýtgeşiklikler bolup biler, ýagny olaryň arasynda sosial, gumanitar bilimler, bilim, biznes we beýleki professional ugurlar bolup biler diýlip bellenýär.
Dalaşgärlerden talap edilýän şertleriň ýene biri hem bu programma boýunça arza tabşyrjaklar mundan ozal ABŞ-da diňe gysga wagtlyk bolup gören, ýogsa-da bu ýurtda hiç haçan bolup görmedik bolmaly. Programmada dalaşgärlerden talap edilýän şertleriň esasylarynyň arasynda olaryň iňlis dili boýunça ussatlygynyň ýokary bolmagy talap edilýär diýlip websahypada bellenilýär.

SUSI programmasyna arzalary kabul edilen dalaşgärler 2014-nji ýylyň iýun aýynyň 28-den awgust aýynyň 2-ne çenli okuw programmasyna gatnaşyp, ABŞ-da bolarlar.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websahypasynda habar berilmegine görä, gürrüňi gidýän programma arzalaryny tabşyrmak isleýän dalaşgärler aşakdaky email adresinden peýdalanyp bilerler. AshgabatEducation@state.gov
XS
SM
MD
LG