Sepleriň elýeterliligi

Gazak resmisi tussag edildi


Gazagystanyň sudy çarşenbe güni ýurduň goranmak ministriniň orunbasaryny parahorlyk bilen bagly iş boýunça 20-nji fewrala çenli suddan öň türme tussaglygyna höküm etdi. General Baghdat Maikeýew sişenbe güni tussag edilipdi.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, Maikeýew 1.5 million dollar möçberinde para almakda aýyplanýar. 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri goranmak ministriň orunbasary wezipesinde işlän Maikeýew soňky aýlarda para almakda aýyplanyp tussag edilen ýeke-täk ýokary wezipeli ýolbaşçy däl.

Dekabr aýynda Gazagystanyň howa güýçleriniň başlygynyň orunbasary general Askar Buldeşew öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak üçin sekiz ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Iýul aýynda Gazagystanyň harby üpjünçilik edarasynyň öňki ýolbaşçysy general Almas Asenow 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG