Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Praga: Aktiwistler özbek prezidentiniň saparyna garşy


31 sany profsoýuzdan, inwestorlardan we adam hukuklaryny goraýjy guramalardan ybarat topar Çehiýa Respublikasynyň prezidenti Milos Zemany Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň Praga barmagyna eden çakylygyny ýatyrmaga çagyrýarlar.

Guramalar çarşenbe güni çap eden açyk hatynda Çehiýa Respublikasynyň 25 ýyllap gynamalary ulanmak, syýasy garşydaşlary yzarlamak we pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmak bilen özüni tanadan Kerimowy çagyrmagyna “uly aladalanma” bildirýär.

Postsowet döwletlerine potensial ykdysady partnýor hökmünde garaýan Zeman Kerimowyň saparyny ýatyrmajagyny aýdýar we tankytçylary ikiýüzlülikde aýyplaýar.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň 20-22-nji fewrala planlaşdyrylan bu sapary onuň 2005-nji ýyldan bäri Ýewropa üçünji sapary bolar. 2005-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Andijondaky gyrgynçylyklar sebäpli Daşkente garşy sanksiýalary girizipdi.
XS
SM
MD
LG