Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Protestçileriň işine garan sudýa atyldy


Ukrainanyň Poltawa regionynda Ýewropa Bileleşigine tarapdar aktiwistleriň işine sereden sudýa atylyp öldürildi.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň çarşenbe güni aýtmagyna görä, sişenbe güni agşam Kremençuk şäherinde näbelli adamlar sudýa Oksana Lobodenkony atypdyr. 34 ýaşly Lobodenko soň keselhanada ýogaldy.

Geçen aýda Sudýa Lobodenkonyň hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň birnäçesini olaryň Kremençuk şäher geňeşiniň binasyny basyp almakdaky roly üçin suddan öň birnäçe günlük tussag etmek barada karar çykarandygy barada habar berilýär.

Derňewçiler Lobodenko garşy edilen hüjümiň onuň professional işi bilen bagly bolmagynyň mümkinçiligini aradan aýyrmaýarlar.
XS
SM
MD
LG