Sepleriň elýeterliligi

Teňňäniň hümmeti protest döretdi


Çarşenbe güni Almatada gahar- gazaba münen onlarça protestçi Gazagystanyň milli bankynyň öňünde protest geçirýärler we ýurduň milli puly teňňäniň 19% çenli pese düşmegi barada gelnen resmi kararyň sebäpleriniň düşündirilmegini talap edýärler.

Käbir protestçiler bankyň başlygy Kaýrat Kelimbetowy aýyplap, öňa erbet sözler bilen sögýärler we onuň wezipesinden çekilmegini talap edýärler. Kelimbetowyň orunbasary Kuat Kožahmetow protestçiler bilen çarşenbe güni duşuşdy we bahalaryň galmagynyň öňüni almagy, şeýle-de raýatlaryň banklardan dollarda alan kreditleri bilen bagly meseläni öwrenmegi wada berdi.

Sişenbe güni teňňäniň hümmetiniň gaçmagyna rugsat bermek kararyny yglan eden Kelimbetow dekabr aýynda milli puluň hümmetsizlenmegine garaşylmaýandygyny aýdypdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýurtda alyş-çalyş nyrhlary 1 amerikan dollary üçin 186 we 200 teňňe aralygynda yraň atýar. Duşenbe güni bir amerikan dollaryny 156 teňňä satyn alyp bolýardy.
XS
SM
MD
LG