Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport: Kumaritaşwili ýatlandy


Halkara Olimpiýa komiteti we Sankaly sport boýunça halkara federasiýasy sankada typýan sportçy gürjüstanly Nodar Kumaritaşwilini ýatladylar. Gürjüstanly sportsmeniň ýogalmagyna dört ýyl doldy.

Nodar Kumaritaşwili 2010-njy ýylyň 12-nji fewralynda Wankuwerde geçen olimpik oýunlary ýaňy başlananda distansiýada heläkçilige uçrapdy. Ol 21 ýaşyndady.

Halkara olimpiýa komitetiniň metbugat-wekili Mark Adamsyň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Kanadanyň Wankuwer şäherinde sankaly sport boýunça merkezde gül gowşurylyş dabarasy geçirilýär. Mark Adams çarşenbe güni Soçide eden bu çykyşynda sportsmene Gürjüstanda ýadygärlik dikmek ugrunda Kumaritaşwiliniň maşgalasy bilen işleşiljekdigini aýtdy.

Çarşenbe güni Soçide geçýän olimpiýa oýunlarynda sanki, bobsleý ýaly ýaryşlarda Kumaritaşwilini dymmak bilen ýatlandy.
XS
SM
MD
LG