Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Häkimiýetiň tankytçysy türmä basyldy


Soçide olimpiada görülen taýýarlyklary tankyt etmegi bilen tanymal tebigaty goraýjy ady belli aktiwist üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Regionyň paýtagty Krasnodar şäheriniň sudy çarşenbe güni Ýewgeniý Witişkonyň ýüzlenmesini ret etdi.

Demirgazyk Kawkazda tebigaty goramak boýunça guramanyň agzasy Witişko Soçide olimpiýa desgalarynyň gurluşygy bilen baglylykda jaýlaryň we binalaryň ýumrulmagy sebäpli häkimiýetleri açyk tankyt edipdi.

Witişko we onuň kärdeşi Suren Gazarian 2012-nji ýylda Krasnodar regionynyň gubernatorynyň hususy emlägini zaýalamakda günälenip üç ýyl şertli ýagdaýda tussaglyga höküm edilipdi. Tebigaty goraýjy topar regional ýolbaşçynyň bikanun haýat çekendigini aýdypdy.

“Amnesty International” guramasy Witişkony “wyždan ýesiri”, diýip hasap edýär.
XS
SM
MD
LG