Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Siriýa barada rezolýusiýa teklip edildi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň Siriýada ynsanperwer kömeginiň elýeterliligi we “terrora garşy” söweş barada relolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň howpsuzlyk geňeşine hödürländigini aýtdy.

Lawrow Moskwada eden çykyşynda terrorçylygyň siriýalylaryň ejir çekmegine esasy sebäp bolýandygyny, “gumanitar krizisyň hem agyr meseledigini” belledi. Moskwanyň “terrorçylyga” garşy režolýusiýa barada eden bu çagyryşy Siriýanyň režiminiň edýän çykyşlary bilen utgaşýar. Prezident Başar al-Assad terrorçylar diýip özüne garşy söweşýänleri atlandyrýar.

Orsýet şu hepdäniň başynda Günbataryň we Arap döwletleriniň hödürlän ynsanperwer kömegi boýunça rezolýusiýanyň taslamasyny ret etdi we onuň Assadyň režimine garşydygyny aýtdy.

Siriýada üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän graždan urşy başlanaly bäri Orsýet Başar-Al-Assadyň iň täsirli halkara ýarany bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG