Sepleriň elýeterliligi

Olary diri görkeziň kampaniýasy dowam edýär


Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow

Türkmenistanda 2002-nji ýylyň noýabr aýynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge, hamana, boldy diýilýän synanyşyk bilen bagly aýyplanyp tussag edilen adamlaryň ykbaly barada daşary ýurtlarda alnyp barylýan kampaniýa ABŞ-nyň Helsinki komissiýasyna baryp ýetdi.

ABŞ-nyň Helsinki komissiýasy bu meselede 20-nji fewralda diňlenişik geçirmegi planlaşdyrýar. Agzalýan komissiýa tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylyşyna görä, bu diňlenişikde hukuk goraýjy Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber we ”Crude accountability” guramasynyň direktory Kate Watters dagylar çykyş ederler.

2002-nji ýylyň noýabrynda boldy diýilýän şol synanyşyk bilen bagly tussag edilen ýüzlerçe adamlar tutulanda we sud edilende, hukuk taýdan düýpli kemçilikleriň göýberilendigi hakda ýeterlik deliller bar diýlip, bu ugurdan ýaňy-ýakynda köpçülige ýetirilen beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanda režimiň çalşandygyna we aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, şol tussaglaryň saglyk ýagdaýy hemem olaryň ençemesiniň ykbaly hakda takyklygyň ýokdugy hem beýanatda bellenilýär.

Maglumat almak hukugy

ABŞ-nyň Helsinki komissiýasy tarapyndan 12-nji fewralda çap edilen beýanatda ykbaly näbelli bolup galýan şol adamlaryň maşgala agzalarynyň olar hakda maglumat almaga hukugynyň bardygy bellenilip, agzalýan komissiýada geçiriljek bu diňlenişikde bu meselä ýene bir gezek ünsüň çekiljekdigi nygtalýar.

Beýanatda Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw ýurtlaryndan biridigi, ýurtda söz, adamlaryň döwletden garaşsyz guramalary döretmek we ýygnanyşmak hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň asla ýokdugy mälim edilýär.

“Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň”

ABŞ-nyň Din azatlyklary boýunça halkara komissiýasynyň 2013-nji ýylda Türkmenistany “aýratyn alada döredýän ýurtlaryň” hataryna goşmagy Döwlet departamentine teklip edendigi hakda hem beýanatda maglumat ýerleşdirlipdir.

ABŞ-nyň Helsinki komissiýasynyň bu dokumentinde Türkmen hökümetiniň öz pikirini aç-açan beýan eden adamlardan ar almak üçin olary türmä basmak taktikasyny ulanýandygy aýdylýar.

Şeýle-de türkmen türmeleriniň tussaglary gynamak, olara jebir-sütem etmek ýaly ýaramaz abraýa eýedigi, olarda içki şertleriň gaty agyrdygy we dürli keselleriň giň ýaýrandygy nygtalyp, Aşgabadyň daşary ýurt ekspertlerine türkmen türmelerine baryp görmäge rugsat bermeýändigi hem bellenilip geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG