Sepleriň elýeterliligi

Praga: Kerimowyň sapary yza tesdirildi


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow Çehiýa Respublikasyna resmi saparyny yza tesdirdi. AÝ/AR-nyň özbek gullugy bilen söhbetdeş bolan Çehiýanyň prezidenti Milos Zemanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Hymek Kmoniçek 20-22-nji fewrala planlaşdyrylan resmi saparyň gün tertibinden aýrylandygyny tassyklady.

“Munuň sebäbi programmadaky üýtgeşiklikler bilen bagly, sebäbi bu bahar dynç alyşlaryna gabat geldi”, diýip Kmoniçek aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar özbek prezidentiniň Çehiýa planlaşdyrylan saparyny ýazgaryp, Kerimowyň 25 ýyllap häkimiýet başyndaky döwrüniň raýatlaryň polisiýa tarapyndan yzarlanmagy, syýasy garşydaşlaryň türmä basylmagy we pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüniň ulanylmagy bilen ýakasyny tanadandygyna üns çekdi.

Çarşenbe güni 31 sany profsoýuz, inwestor we adam hukuklaryny goraýjy toparyň agzalary Zemanyň adyna ýazylan açyk hatyny çap edip, Yslam Kerimowyň saparyny ýatyrmaga çagyrdylar. Zeman tankytçylary “iki ýüzli” atlandyrmak bilen jogap berdi.

Kerimowyň planlaşdyrylan saparynyň 2005-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Andijondaky gyrgynçylygy ýazgaryp, Daşkente garşy sanksiýalary girizensoň üçünji sapar boljagy aýdylypdy.
XS
SM
MD
LG