Sepleriň elýeterliligi

“CPJ” metbugata hüjüm barada hasabat ýaýratdy


“CPJ “ ýagny žurnalistleri goraýjy komitetiň täze hasabatynda Siriýanyň žurnalistleriň işlemegi üçin iň heläkçilikli ýurtdygy aýdylýar, şol bir wagtda-da žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurduň Türkiýedigi bellenýär. Habar berilişine görä, Türkiýede 40 golaý žurnalist türmede saklanýar.

Metbugat azatlygyny goraýjy guramanyň çarşenbe güni çap eden “Metbugata hüjüm” atly ýyllyk hasabatynda 2013-nji ýylda 70 golaý žurnalistiň öldürilendigi we 211 žurnalistiň tussag bolandygy barada habar berilýär.

Žurnalistleri goraýjy komitetiň aýtmagyna görä, Orsýet soňky ýylyň dowamynda žurnalistler babatynda has repressiw bolupdyr. Komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça koordinatory Nina Ognýanowa “metbugat we söz azatlygy üçin häzirki şertler Sowet Soýuzynyň dargamandan bäri şeýle repressiw bolmandy” diýip belledi.

Žurnalistleri goraýjy komitetiň bellemegine görä, 2013-nji ýylda Müsürde metbugat azatlygy bilen bagly iň erbet ýagdaý emele gelipdir. Yrakda geçen ýylyň soňky çärýeginde 10 žurnalist wepat bolupdyr.
XS
SM
MD
LG