Sepleriň elýeterliligi

Tussaglaryň boşadylmagy ABŞ-nyň gaharyny getirdi


Owgan esgerleri Bagram türmesini goraýar. 13-nji fewral, 2014.

Owgan esgerleri Bagram türmesini goraýar. 13-nji fewral, 2014.

Birleşen Ştatlar Owganystanyň aýyplanan 65 jeňçini Kabulyň golaýyndaky öňki amerikan türmesinden boşatmak kararynyň «örän gynandyryjy» bolandygyny aýdýar.

Güman edilýän jeňçiler penşenbe güni irden, geçen ýyl owgan häkimiýetleriniň ygtyýaryna geçirilen Bagram türmesinden azatlyga goýberildi.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Zahir Azimi penşenbe güni žurnalistlere şeýle diýdi:

"Biz öz harby polisiýamyzyň baş edarasyndan alan maglumatymyz esasynda, şu gün irden Bagram türmesinden 65 sany tussagyň azat edilendigini tassyk etdik."

Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasynyň beýanatynda «bu kararyň netijeleri üçin owgan hökümetiniň jogapkär» boljakdygy aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda owgan häkimiýetleriniň şol türmeden boşadylan tussaglaryň «täzeden zorluk we terror hereketlerine baş goşmazlygy üçin» elden gelen tagallany etmegine çagyrylýar.

Prezident Hamid Karzaý bu tussaglaryň boşadylmagyny buýrmak bilen, Bagram türmesini «Talyban» öndürýän zawod» diýip atlandyrdy we tussagalaryň käbiriniň öz ýurtlaryny ýigrener ýaly derejede gynalandygyny aýtdy.

Owgan gaýtadan serediş geňeşiniň başlygy Abdul Şakor Dadras penşenbe güni metbugata ol adamlaryň günälerini tassyklaýan delilleriň bolmandygyny aýtdy:

"Subutnama tapylmady"

"Biz bu 65 adamyň owgan kanunlary boýunça jenaýatçydygyny tassyklaýan hiç bir delil tapyp bilmedik. Olary türmede saklamaga sebäp ýokdy, olaryň türmäniň içinde saklanan wagtlary hem subutnama ýokdy, onsoň tutuş proses bikanundy."

Kabulyň 50 km demirgazygynda ýerleşýän Bagram türmesi koalisiýa güýçleri tarapyndan talyban pitneçisidir öýdüp ýa başga jenaýatlara dahyllylykda güman edilip saklanan adamlaryň esasy tussag merkezidi.

Synçylaryň pikirine görä, owgan hökümeti bu tussaglary azat etmek bilen, 2001-nji ýylda häkimiýetden agdarylan «Talyban» bilen parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmeklige bil baglaýar.

Emma muňa garamazdan, halkara güýçleriniň şu ýylyň aýagynda ýurdy terk etmäge taýýarlanmagy bilen, bu kararyň Waşington bilen Kabulyň arasyndaky gatnaşyklary mundan aňryk hem dartgynlaşdyrjagyna şübhe ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG