Sepleriň elýeterliligi

Kärizow: “Maşgalamyzy wehim hasaplaýarlar”


 Geldi Kärizow Ýanardag bilen

Geldi Kärizow Ýanardag bilen

Amnetesty International, Halkara günä geçiş guramasy ýanwaryň aýagynda belli türkmen atşynasy Geldi Kärizowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy, emma türkmen häkimiýetleiriniň onuň ýurtdan çykyp, daşary ýurtda medisina bejergisini almagyna rugsat bermeýändigi barada beýanat çap edip, öňki tussaga ýardam etmek üçin gyssagly herekete geçilmegine, türkmen häkimiýetlerine hat, haýyş, talap bilen ýüz tutulmagyna çagyrdy.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ozalky tussag Geldi Kärizowyň daşary ýurtda ýaşaýan ogly Dawut Kärizow bilen kakasynyň ýagdaýy barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň kakaňyzyň saglyk ýagdaýy nähili, ýagny onuň saglygynyň soňky çylşyrymlaşmasynyň sebäbi näme?

Dawut Kärizow: Siz “Amnesti Interneşnliň” beýanatyny gören bolmaly. Soňky döwürde onuň saglyk ýagdaýy barha we barha ýaramazlaşýar. Türmede alty ýyl oturyp çykansoň, ol çynlakaý medisina bejergisine mätäçdi. Sebäbi türkmen türmesinde oturmak diýmek tasdan konsentrasiýa lagerine iberilen ýaly bir zat. Ol ýerde adam juda hor, egbar ýagdaýa düşýär.

Onsoň ol ýerden kadaly bir türmä geçirilen ýa azatlyga çykarylan adam dogry-düzüw medisina bejergisine mätäç bolýar. Emma ol beýle bejergi alyp bilmedi, sebäbi oňa türmeden boşadylandan soň hem ýurtdan çykmaga rugsat bermediler. Meniň ejem kardiolog, daýzam ginekolog, eje tarapymyň bary diýen ýaly doktor, olar kakamy biraz daýandyrmak, onuň saglygyny dikeltmek üçin özlerine bagly ähli zady etdiler.

Azatlyk Radiosy: Onuň derdi, keseli näme? Ýagny ol nämeden şikaýat edýär?

Dawut Kärizow: Onuň şikaýaty, ol ilki häkimiýetler tarapyndan saklananda, 2002-nji ýylda ýüreginden agyry tutdy. Şondan bäri onuň ýüregi agyrýar, gan basyşy ýokary. Mundan başga ol hroniki gepatitden, holesistitden ejir çekýär, öthaltasy, aşgazany agyrýar, artiritiň agyr görnüşinden azar baryny görýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň kakaňyz näçe ýaşynda?

Dawut Kärizow: Ol 62 ýaşynda.

Azatlyk Radiosy: Ol Türkmenistanda türkmen doktorlaryna hem görnen bolmaly, olar näme diýýär?

Dawut Kärizow: Hawa, ol Türkmenistanda käbir doktorlara göründi, emma gynansak-da, Türkmenistandaky saglyk sistemasy islenilişi ýaly gowy däl, munuň esasy sebäpleriniň biri hem professional doktorlaryň köpüsi ýurdy terk etdi. Ol ýerde gowy doktorlaram bar, emma olaryň hem degişli enjamlary ýok. Hut şol türkmen doktorlary hem oňa halkara hasshanalaryna gidip, şol ýerden derdine derman gözlemegi maslahat beripdirler.

Azatlyk Radiosy: Siz häkimiýetlere baryp, kakaňyzyň ýurtdan çykmagyna rugsat soraňyzda, olar adatça näme jogap berýär?

Dawut Kärizow: Soňky sekiz ýylda adatça “siz milli howpsuzlyga wehim salýarsyňyz” diýip jogap berýärler. Bu haçanda meniň ejem 2005-nji ýa 2006-njy ýylda ýurtdan çykjak bolanda başlandy. Meniň Orsýetde ýaşaýan mamam ýaramady we ejem şoňa seretmek üçin ýanyna gitjek boldy. Şonda ol serhetde saklandy we onuň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmeýändigi aýdyldy. Şondan bäri meniň ejem hem, daýzam hem ýurtdan goýberilmeýär.

"Türkmen atlary" birleşiginiň binasy, Aşgabat, 11-nji aprel, 2013

"Türkmen atlary" birleşiginiň binasy, Aşgabat, 11-nji aprel, 2013


Bu hususan-da meniň ejemiň eden tagallalary bilen bagly. Sebäbi ejem kakam türmede mahaly onuň saglygy ugrunda kän alada etdi we halkara guramalary, ilçihanalar bilen çynlakaý gürrüň alyp bardy. Onsoň oňa hökümet dürli ýollar arkaly basyş görkezdi. Olar meniň kakamyň saklanan türmesine ýönekeýje dermanlary, hatda azyk geçirmeklige hem pägegelçilik döretdiler, onuň bilen duşuşmaga rugsat bermediler, özem bu zatlar bilkastdan edildi.

Onsoň ejem halkara guramalary bilen gürleşip, olaryň hökümet bilen gürleşmegini we özüne kakamy görmäge rugsat berilmegi üçin kömek edilmegini gazanjak boldy. Şondan soň hökümet ejemi “milli howpsuzlyga wehim” hasaplady. Şondan bäri meniň ejemem, daýzamam ýurtdan goýberilenok, bu meniň kakama hem degişli. Ol hem milli howpsuzlyga wehim hasaplanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG