Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgulary.
Ýer titrеdi. Ýer dеprеndi. Ýer sarsdy.
Ýer yrandy. Goduklady. Elеndi.
Gapyllykda üstün basdyran şähеr
Duýman galdy Ezraýylyň gеlеnini.
Ajal çöplеmеdi ýekе-ýеkеdеn,
Müňlеrçе jеsеdе biçdi bir kеpеn.
Göz açyp-ýumarda çöwrüldi zеmin --
Göýä Taňry Ýeriň böwrünе dеpеn.
Oýanmady şähеr - ukudan sähеr,
Gara gijеdеn soň ak daň atmady.
Ençе günläp iňňildisi şеhitlеň
Hеm harabaň müňňüldisi ýatmady.
Ak süýtdеn başga zat emmеdik bäbеk
Gatap galdy gara kеsеk tеýindе.
Döndi sansyz tümmеk sanlyja gündе
Türkmеn topragynyň tеkiz tеnindе.
Bagty çüwüp, gördеn diri çykanlar
Haraba arçady garynja dönüp.
Gözi ýerdе boldy, bakmady gögе,
Gan-gabarçak ellеr bilеn ýer dörüp.
Asmandan haraý ýok - düşündi ilat,
Ol etjеgin edip, elin ýuwupdy.
Üstündе bag ekеn, gül ekеn ili
Enе Ýerеm, ynha, diri ýuwutdy.
Kiçi dildеn bärdе gynanan Mеrkеz
Golun däl-dе, barmajygyn uzatdy.
Aktokaý aglady dagdan aňyrda,
Wah, sеrhеt gysgady - ara uzakdy!
Türkmеn dura-bara özünе gеldi,
Dag maraly dеýin ýarasyn ýalap.
Ýenе-dе gül ekdi, bag ekdi ýenе,
Ýyrtylan topragyn innеsiz ýamap.
…Türkmеn gardaş, gеl, dymaly bir salym,
Aýdym-sazy soň bir günе goýaly.
Aşgabat bu gijе tisginеr ýatar,
Ýarym ukuly hеm ýarym oýaly…

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG