Sepleriň elýeterliligi

Özbek prezidentiniň sapary yza tesdirildi


Çehiýa Respublikasynyň prezidenti M.Zeman (ç) we Özbegistanyň prezidenti I.Karimow (s)

Çehiýa Respublikasynyň prezidenti M.Zeman (ç) we Özbegistanyň prezidenti I.Karimow (s)

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow Çehiýa Respublikasyna resmi saparyny yza tesdirdi.

AÝ/AR-nyň Ozbek gullugy bilen söhbetdeş bolan Çehiýanyň prezidenti Milos Zemanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Hymek Kmoniçek 20-22-nji fewrala planlaşdyrylan bu resmi saparyň gün tertibinden aýrylandygyny tassyklap, bu barada şeýle gürrüň berdi: “Munuň sebäbi programmadaky üýtgeşiklikler bilen bagly, sebäbi ol ýaz kanikuly döwrüne gabat geldi.

Onsoň ýygnaga gatnaşmaly ýolbaşçylaryň hemmesiniň iş ýerlerinde bolmazlygy ahmal. Meselem, prezident bilen naharlanmaly Çehiýanyň premier-ministri (Bowslaw Sobotka) hem duşuşyga gelip biljek däl, ol özüniň bu çärä gatnaşyp bilmejegini duýdurdy. Edil şeýle ýagdaý - beýleki bäş sany ministre-de degişli. Olar minstrler bolsa özara ylalaşyklara gol goýmaly ýolbaşçylar”.

Bu waka adam hukuklaryny goraýjy toparlar özbek prezidentiniň Çehiýa planlaşdyrylan saparyny ýazgaryp çykyş edensoň ýüze çykdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar soňky 25 ýylda, ýagny Kerimowyň häkimiýet başynda oturan döwründe, Özbegistanyň – raýatlaryň polisiýa tarapyndan yzarlanmagy, syýasy garşydaşlaryň türmä basylmagy we pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüniň ulanylmagy ýaly ýagdaýlar bilen ýakasyny tanadandygyny nygtaýarlar.

Kerimowyň Çehiýa etjek saparynyň mundan soň haçana planlaşdyryljakdygy, onuň asla amala aşyrlyp-aşyrylmajakdygy hakda-da häzirlikçe takyk maglumat ýok.

Çehiýanyň prezidenti Milos Zemanyň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçysy Hynek Kmonicegiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, prezidentiň wagty çäkli bolany üçin bu barada takyk bir zat aýtmak kyn.

Çarşenbe güni professional arkadaşlyk guramasyndan, inwestorlardan we adam hukuklaryny goraýjy toparlardan 31 adam Zemanyň adyna açyk hat ýazyp, Yslam Kerimowyň Çehiýa saparyny düýbünden ýatyrmaga çagyrdylar.

Zeman tankytçylary “ikiýüzli” adamlar diýip atlandyrmak bilen jogap berdi.
Kerimowyň Çehiýa etmeli bu saparynyň 2005-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Andijandaky gyrgynçylygy ýazgaryp, Daşkende garşy sanksiýalary girizensoň, Özbegistanyň prezidentiniň daşary ýurtlara edýän üçünji resmi sapary boljakdygy aýdylýardy.

Çehiýanyň adyny aýtmakdan saklanan käbir resmi çeşmeleri we bu ýurtdaky döwlete degişli bolmadyk käbir guramalar, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda Çehiýa etmeli sapary bilen bagly-da soraglaryň bardygyny, hatda bu saparyň hem ýatyrylandygyny habar berýärler. Ýöne häzirlikçe bu barada metbugatda resmi taýdan halk köpçüligine ýetirilen maglumat duş gelenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG