Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: 859 adamyň günäsi geçildi


Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 859 adamyň günäsi geçildi. Bu barada prezident G.Berdimuhamedow penşenbe güni hökümet maslahatynda permana gol çekildi.

Permana laýyklykda, günäsi geçilen adamlar esasy tussag möhletinden, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjy ýaly goşmaça möhletinden boşadylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni 19-njy fewralda bellenýär. Prezident Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkmenistanyň hökümeti 2007-nji ýyldan bäri ýurtda ýylyň dowamynda birnäçe gezek baýramçylyklara gabatlap geçirilýän günä geçişleri “rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnan sahawatly çäre” diýip atlandyrýar.

Türkmenistanda soňky günä geçişler 2013-nji ýylyň oktýabr we dekabr aýlarynda bolupdy. Oktýabrda garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 2000-den gowrak adam, dekabrda Bitaraplyk baýramy mynasybetli 630 adam türmeden goýberilipdi. Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan tussaglaryň sany barada resmi statistika berilmeýär.
XS
SM
MD
LG