Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Ýaralanan işçi halas edildi


Soçide geçýän gyşky olimpiýa oýunlarynda bobsleý sport görnüşi üçin trassada ýaralanan işçiniň operasiýadan soň kadaly ýagdaýdadygy aýdylýar. Uly tizlikde ýokardan aşak taýyp barýan synag guraly bilen kakylan işçiniň iki aýagy döwülipdi.

Resmiler işçiniň bobsleý trassasynda nädip peýda bolandygynyň we ýokardan aşak typyp barýan türgenleşik guralynyň golaýlamagyny habar berýän ýörite signaly nädip eşitmändiginiň sebäplerini derňeýärler.

Işçiniň ses signalyny eşitmezliginiň bir sebäbiniň onuň şol wagt sesli işleýän guraly işledip ýören bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Soçide bobsleý üçin gurulan trassa ozalky olimpiadalardan has howpsuz edilip gurulypdy. 2010-njy ýylda Kanadanyň Wankuwer şäherinde bolan olimpiadada gürjüstanly sportçy Nodar Kumaritaşwili heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG