Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Bakiýewler gaýybana sud ediler


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň we onuň maşgalasynyň ýene üç agzasy britan raýatynyň janyna kast etmäge synanyşyk aýyplamasy esasynda gaýybana sud edilerler.

Gyrgyzystanyň Baş sudunyň metbugat wekiliniň anna güni aýtmagyna görä, Bakiýew, onuň iki ogly Marat we Maksim, şeýle-de onuň dogany Janyş Gyrgyzystanyň altyn öndüriji pudagyna maýa ýatyran britaniýaly biznesmen Sean Daleýi öldürmek üçin hakyna adam tutmagyň guramaçylygynda şübhelenýärler.

Daleý näbelli ýaragly adamlar tarapyndan özüne edilen hüjümde diri galdy we 2006-nji ýylda ýurdy terk etmek kararyna gelipdi.

Häzirki wagtda Belarusda ýaşaýan Bakiýew öz maşgala agzalarynyň köpüsi bilen bilelikde 2010-njy ýylda Gyrgyzystanda hökümete garşy çykyşlaryň netijesinde ýurduny terk edipdi. Geçen ýylda Bişkegiň sudy Bakiýewi gaýybana sud edip 2009-njy ýylda syýasy adam öldürmelere gatnaşmakda aýyplap, 24 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi. Janyş Bakiýew agzalan iş boýunça ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm edildi.
XS
SM
MD
LG