Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

859 tussagyň günäsi geçildi


Türkmen türmesi
Türkmen türmesi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren hökümet maslahatynda, Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli, ýyl kesilen tussaglaryň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Türkmen metbugaty bu gezek 859 tussagyň günäsiniň geçilendigini habar berýär, emma olaryň näçesiniň daşary ýurt raýatlarydygy aýdylmaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda baýramçylyklara gabat tussaglaryň günäsini geçmek däbi bar bu däp döwletiň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen düşündirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistan syýasy tussag diýilýänleriň türmelerde ýitirim edilýän ýurdy hökmünde tankyt edilýär.

Häzir günäsi geçilen 859 tussagyň arasynda halkara guramalary tarapyndan syýasy tussag ýa wyždan ýesiri hasaplanýan adamlar barmy ýa ýok, bu belli däl.

Azatlyk Radiosy Baýdak gününe gabat yglan edilen günä geçiş we azatlyga çykan öňki tussaglaryň jemgyýete gaýtadan goşulmagy, galyberse, syýasy tussaglar diýilýänlere bolan garaýyş barada ozalky tussag, raýat aktiwisti Nurberdi Nurmmämet bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti diňläp, Türkmenistanda tussglaryň saklanyş şeretleri, syýasy tussag diýilýänlere çemeleşiş barada pikirleriňizi ýazsaňyz, örän hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG