Sepleriň elýeterliligi

Golts: Serhet bilen bile durmuşy düzetmeli


Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki Ymamnazar barlag-geçiş nokady

Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki Ymamnazar barlag-geçiş nokady

Türkmenistanda döwlet serhediniň howpsuzlygyny berkitmek meselesine garaldy. Resmi maglumatlara görä, 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda döwlet serhedini pugtalandyrmak urgunda şu ýylyň başyndan bäri edilen işlere garalypdyr.

Edil häzirki wagtda serhet howpsuzlygynyň ähmiýeti nähili daşarky faktorlar bilen bagly bolup biler? Azatlyk Radiosy orsýetli garaşsyz harby bilermen Aleksandr Golts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň serhet howpsuzlygyna degişli aladalanmalary näme bilen bagly bolup biler?

Aleksandr Golts: Şeýle aladalanmany şu günki gün diňe bir Türkmenistan däl, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary we hatda Orsýet hem bildirýär. Serhet howpsuzlygyna ünsüň güýçlenmegi “Talybana” garşy söweşen halkara koalisiýasynyň we ilkinji nobatda ABŞ-nyň goşunlarynyň şu ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykarylmagy bilen bagly. Regiony öwrenýän bilermenleriň köpüsi Owganystanyň häzirki hökümetiniň uzak wagtlap saklanyp bilmejegini çaklaýar. Bu bolsa radikal yslamyň öňki sowet serhetlerinden geçjegini we awtoritar režimleriň bu howp bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aňladýar.

Türkmenistan regionyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende has berk awtoritar režimli ýurt. Emma ilatyň iňňän garyplygy, hukuksyzlygy, regionyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistana-da mahsus ýagdaý. Bu bolsa yslamçylar üçin örän amatly şert bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Matweýewiç, obýektiw howplar babatynda aýdylanda Halkara goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy Merkezi Aziýa üçin nähili wehim döredýär?

Aleksandr Golts: Halkara goşunlary Owganystandan çykarylansoň Karzaýyň hökümeti häkimiýet başynda galmagy başarmazmyka diýýärin. Ondan soň, geçmişde sowet goşunlary Owganystandan çykarylandan soň bolşy, ýaly içki özara çaknyşyklaryň başlanmagy mümkin. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň demirgazygyndaky toparlaryň, öz täsirlerini güýçlendirmek üçin, ýurduň daşyna, Merkezi Aziýa ýurtlaryna tarap hereket edip başlamagy gaty ähtimal. Bu bolsa bulagaýlygy döretmek, graždan urşuny tutaşdyrmak ýaly hereketlere ýol açýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri daşarky howplardan goranmaga nä derejede taýýarlykly?

Aleksandr Golts: Merkezi Aziýa döwletleriniň harby taýýarlygy, olaryň goşunlarynyň söweşe ukyby ýokary däl. Soňky wagtda Orsýet Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harby derejesini ýokarlandyrmak ugurnda käbir ädimleri ädýär. Harby tehnikany berýär, ýurtlaryň harbylaryny türgenleşdirýär. Emma Owganystan babatynda aýdylanda, harby taýýarlyk esasy mesele däl.

Biz edil häzirki wagtda dünýäniň iň netijeli goşunyna eýe bolan ABŞ-nyň Owganystanda şowsuzlyga uçrandygyna şaýat bolduk. Häzirki döwrüň halkara durmuşy uly sapak görkezdi, ýagny howpsuzlyga wehim salýan meseleleriň hemmesini harby güýç bilen çözüp bolmaýar.

Radikal yslam hem howpsuzlyga wehim salýan hut şeýle mesele bolup durýar. Oňa diňe harby güýje daýanyp, netijeli jogap berip bolmaýar. Oňa garşy durmak üçin belki-de ýurduň içerki howpsuzlygy güýçli bolmalydyr, ilatyň durmuş derejesi ýokary bolmalydyr. Adamlar özlerini goragly, kanagatly duýmaly, adamlarda rewolýusion teoriýalara isleg bolmaly däl. Emma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç birinde şeýle şertler ýok. Şonuň üçin bu ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda geljekde graždan uruşlaryň turmagyna sebäp boljak aňrybaş derejeli esaslar bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG