Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Lawrow krizise gatyşmazlyga çagyrýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günbatary Ukrainadaky syýasy krizise gatyşmazlyga çagyryp, ýene bir gezek çykyş etdi.
Anna güni nemes kärdeşi Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen geçiren metbugat ýygnagynda Lawrow ukrainlere Ukrainadaky problemany özbaşdak çözmäge mümkinçilik berilmeli diýdi. Bu ugurdan Lawrow Orsýetiň garaýşyny şeýle beýan etdi: “Biziň pozisiýamyz belli. Biz ýurtdaky syýasy krizisiň çözülmegi üçin ukrainleriň özleriniň çykalga tapmalydygyna ynanýarys. Bu ukrain halkynyň bähbidine bolar. Elbetde, biz ukrain kärdeşlerimiz hem şu ugra eýerer diýip umyt edýäris”.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç geçen ýylyň noýabr aýynda garaşylmadyk ýagdaýda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda we syýasy ylalaşyga gol goýmakdan iň soňky pursatda ýüz öwürdi. Ýanukowiçiň bu karara Moskwanyň basyşlary esasynda gelendigi çaklanylýar. Noýabr aýynda bolan şol waka Ukrainada ilatyň Ýewropa ygrarly bölegi tarapyndan güýçli demonstrasiýalaryň geçirilmegine sebäp bolup, ýurtda häzirki wagtda dowam edýän syýasy krizisiň döremegine alyp bardy.
“Täsirini artdyrmak”
Lawrow anna güni eden çykyşynda Ýewropa Bileleşigi Kiýewiň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagyny gazanjak bolup basyş etmek bilen bu ýurtda öz “täsirini artdyrmaga” synanyşýar diýdi: “Men [Ukraina] täsir etmek üçin hiç hili ýol bolmaly däldigi barada Frank-Walter bilen doly ylalaşýaryn. Ýöne Ukrainany haýsy-da bolsa bir tarapa çekip, oňa şuny ýa-da beýlekini, ýagny Ýewropa Bileleşigini ýa-da Russiýany saýlamalydygyny aýtmak bilen hakykatda [Ýewropa Bileleşigi] öz täsirini artdyrmaga synanyşýar. Bu göz-görtele äşgär we muny hiç hili owadan gep bilen ýylmap bolmaz”.
Şeýle-de Lawrow Ýanukowiçiň Russiýa tarapyndan goldanýan hökümeti bilen Günbatar tarapyndan goldanýan oppozision liderler Arseniý Ýatsenýuk we Witaliý Kliçkonyň arasyndaky syýasy jedellere araçy bolmak barada Ýewropa Bileleşigi tarapyndan edilýän diplomatik tagallalary hem tankyt etdi.
Lawrow bu ugurdan öz çykyşynda şeýle diýdi: “Saýlamak azatlygy barada gürläp we şol bir wagtyň özünde-de çakylyksyz her gün öz wekiliňi Ukraina ugradyp, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan we şeýle-de Birleşen Ştatlary tarapyndan öňe sürlen ugry saýlap almak üçin ukrain liderlerini ynandyrmaga synanyşmaklyk dogry we gelşikli dälmika diýýärin”.
Iki tarapa çagyryş etmek
Ýewropa Bileleşiginiň giňelmek boýunça ýörite komissary Stefan Fule şu hepde gaýtadan ýene-de Kiýewe bardy. Penşenbe güni Fule Ukrainada konstitusion reformanyň geçirilmegine razy bolmaklary üçin iki tarapa hem çagyryş etdi. Gürrüňi edilýän bu reforma ýurtda prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirip, parlamentiň hukugyny artdyrýar. Şeýle-de Fule ýurduň resmilerine protestçileri we aktiwistleri gynamazlyga çagyrdy.
Öz gezeginde Ştaýnmaýer hem Ukraina babatda Russiýa bilen Günbataryň arasynda “belli bir derejede bäsdeşligiň” bardygyny tassyklady.
Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasyndaky gepleşikler Lawrow “Kommersant” gazetinde Ukraina babatda Russiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň “hakykat derejesine çykandygyny” ýazanyndan bir gün soň bolup geçdi.
Bu aralykda “Bild” atly nemes gazetiniň habar bermegine görä, Germaniýanyň kansleri Angelo Merkel sişenbe güni Berlinde Kliçko we Ýatsenýuk bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG