Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Açyk gapylar" näme üçin deň açylmaýar?


Aşgabat aýlawynyň esasy derwezesi, 27-nji aprel, 2010.
Aşgabat aýlawynyň esasy derwezesi, 27-nji aprel, 2010.
Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny ýöredýändigini aýdýar. Ýurduň baş kanuny bolsa, raýatlaryň öz watanlaryndan islän ýerlerine gitmek soň oňa dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär. Emma bu hemmelere ýetdirip durmaýar.

Soňky iki onýyllykda Türkmenistandan çykarylmaýan, ýa öz watanyndan daşary ýurtlara çykyp, soň yzyna baryp bilmeýän adamlaryň uly sanawynyň emele gelendigi aýdylýar. Emma bu diýilýän sanaw barada resmi maglumat çap edilmeýär.

Şonuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda ozal ýurtdan çykarylmadyk ýa-da daşary ýurtlardan yzyna, watanyna goýberilmedik türkmenistanlylaryň käbiri üçin ýapyk gapylaryň açylyp başlandygy belli boldy.

Emma bu bar diýilýän «gara sanawyň» ýatyrylandygyny aňlatmaýar. Amnesty International, ýagny Halkara günä geçiş guramasy golaýda belli atşynas we ozalky tussag Geldi Kärizow barada beýanat ýaýradyp, onuň saglygyna seretdirmek üçin daşary ýurda goýberilmezliginden alada bildirdi.

Azatlyk Radiosyna gowuşýan habarlardan çen tutulsa, dürli sebäpler ýa bahanalar bilen dogduk ýurdundan goýberilmeýän ýa oňa dolanyp baryp bilmeýän türkmenistanlylar beýle bir azalybermeýär.

Eýsem munuň hakyky sebäbi näme? Näme üçin Türkmenistan öz raýatlarynyň hereket azatlygyny çäklendirýär?

Azatlyk radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Eger bu mesele bilen bagly pikir-garaýyşlaryňyzy, bilýän zatlaryňyzy, belki-de öz başdan geçirenleriňizi, tanyşlaryňyzyň tejribelerini ýazsaňyz, söhbete goşulsaňyz, minnetdar bolarys.
XS
SM
MD
LG