Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýerimi alarsyň öýdüp, ýaman gorkdum"


Türkmen zenanlary
Türkmen zenanlary
Türkmenleriň arasynda "Aýal ata çykanda, torgaý çöpe çykanda ahyrzaman bolarmyş" diýen bir söz bar. Mundanam başga, "Aýal okap, kazy bolmaz, köpek ýüwrüp, tazy bomaz" diýen nakyla çalymdaş söz bar.

Elbetde, bu sözleriň aýallaryň dört diwar içinde gabalyp saklanan döwürlerine ýa-da şeýle niýet-pikirli adamlara degişlidigi belli zat. Ikinji tarapdan, eger çeper edebiýatdan çen tutulsa, bu hili aňlatmalar esasan 1930-njy ýyllarda, din wekilleri tarapyndan kän ulanylypdyr.

Sebäbi şol döwürde Türkmenistanda ýaşaýan aýal-gyzlar okap, jemgyýetde öňe saýlanyp, has aktiw durmuş ýörelgelerine eýerip başlapdyr.

Eýsem bu düşünjeler şu günki gün nähili ýagdaýda? Türkmen jemgyýetçiliginde aýal-gyzlaryň durmuşdaky ornuna nähili garalýar?

Bu barada "Dünýä türkmenleri" gepleşigimiziň myhmanlarynyň pikirini bilmek isleseňiz, şu aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG