Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ýol hadysasynda 10 adam öldi


Polisiýa ýük maşyny bilen kiçi awtobusyň çakyşmagy netijesinde 10 adamyň ölendigini aýdýar.

Bu hadysa Leningrad regionynyň Wyborg etrabynda bolupdyr. Polisiýanyň deslapky derňewi kiçi awtobusdaky 9 adamyň hadysanyň bolan ýerinde, bada-bat jan berendigini görkezdi.

Ýük maşynynyň sürüjisi we kiçi awtobusdaky adamlaryň ýene iki sanysy ýaralanypdyr. Polisiýa bu hadysa barada derňew işini açdy.
XS
SM
MD
LG