Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýanukowiç diňe işden çekilmeli"


Ukrainanyň türmede oturan öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko özüniň oppozisiýa bilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň arasynda barýan gepleşiklere goşulmaga taýýardygyny aýtdy.

Emma ol bu gepleşikleriň mümkin bolan temasy diňe Ýanukowiçiň işden çekilmeginiň möhletleri we şertleri barada bolmaly diýýär.

Timoşenko anna güni çap edilen interwýusynda «haçanda Ýanukowiç «hakyky» gepleşige taýýar bolsa, olaryň bu gepleşigi derrew başlap, derrrew hem gutarmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol, Ýanukowiç oppozisiýa bilen «hakyky gepleşige» taýýar bolýança, oňa edilýän basyşyň güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Timoşenko 2011-nji ýylda ýedi ýyl tussaglyga höküm edildi. Ol häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapylypdy.
XS
SM
MD
LG