Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban: "ABŞ sowetleriň ykbalyna uçraýar"


«Talyban» şenbe güni owganlary, 25 ýyl ozal mujahetdin söweşijileriniň sowet goşunlaryny edişleri ýaly, Birleşen Ştatlary Owganystandan kowup çykarmaga çagyrdy.

Sowet goşunlarynyň Owganystandan çykan gününiň 25 ýyllygy mynasybetli çap edilen beýanatda «Talyban» şeýle diýýär: «Şu gün Amerika öňki sowetleriň biziň ýurdumyzdan gaçyp gutuljak bolýan pursatyndaky ykbaly bilen ýüzbe-ýüz bolýar.»

Sowet goşunlarynyň soňky konwoýy Owganystandan 1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykypdy.

Birleşen Ştatlaryň we halkara koalisiýasynyň güýçleri Owganystandan ýylyň aýagynda çykmaly. Owgan prezidenti Hamid Karzaý bolsa henizem Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwürýär.
XS
SM
MD
LG