Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Siriýa barada oýlanjagyny aýdýar


Prezident Barak Obama Waşingtonyň Siriýanyň hökümetine basyş etmek we tutuş Siriýa boýunça ynsanperwerlik ýagdaýyny gowulandyrmak babatda «aralyk çäreleriň» pikirini edýändigini aýtdy.

Obama anna güni agşam, Iordaniýanyň patyşasy Abdylla II bilen duşuşyk mahalynda gürläp, «biz muny islendik bir pursatda gysga möhlet içinde çözüp bileris öýtmeýäris» diýdi.

Onuň bu sözleri halkara wekili Lakdar Brahiminiň Ženewada şenbe güni Siriýanyň parahatçylyk gepleşikleriniň ikinji tapgyryna araçylyk etžek pursatynyň öň ýanyna gabat geldi.

Bu gepleşiklerden edilýän umytlar az, sebäbi iki tarap hem anna güni bu prosesiň petige dirändigini aýtdy.

Oppozisiýa delegatlary prezident Başar al-Assady çalşyrmak isleýär, emma hökümet tarapynyň wekilleri «terrorizm» meselesiniň çözülmegini talap edýär.

Brahimi anna güni gepleşýän taraplary ýüzbe-ýüz duşuşdyrmagy başarmady we taraplaryň hersi bilen aýratynlykda gürleşdi.
XS
SM
MD
LG