Sepleriň elýeterliligi

Owgan kandidatlary çekişýär


Owganystanda prezidentlige kandidatlaryň birinji iki tapgyry telewideniýede açyk çekişmä başlady.

Bu çekişme döwlet eýeçiligindäki RTA-nyň we Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Owgan gullugynyň bilelikdäki howandarlygynda gurnalýar.

11 kandidatdan dördüsi, yslamçy lider Kutbuddin Hilal, ozalky goranmak ministri Abdul Rahim Wardak, öňki deputat Daud Sultanzoý we öňki gubernator Gul Aga Şerzaý şenbe güni guralan çekişmelere gatnaşdy.

Ozalky daşary işler ministri Abdulla Abdulla bolsa, şenbe günündäki çekişmä gatnaşmakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG