Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: hökümet güýçlendirilýär


Türkiýäniň parlamenti şenbe güni hökümete sudýalary we prokurorlary işe bellemekde has kän ygtyýar berýän kanun taslamasyny tassyklady.

Parlament anna güni, oppozisiýa partiýalarynyň we halkara jemgyýetçiliginiň tankydyna we geçen aý soňa goýlandygyna garamazdan, bu kanun taslamasy baradaky çekişmäni gaýtadan açdy.

Kanun taslamasy baradaky çekişmäniň dowamynda dolandyryjy partiýanyň wekilleri bilen oppozisiýadaky kanunçykaryjylaryň arasynda tutluşyk döredi. Azyndan bir deputat ýaralandy. S

Sudýalaryň we prokurorlaryň Ýokary geňeşini, uly derejeli sudýalary işe belleýän guramany kontrolluga almak ugrundaky darkaş premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan bilen Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň arasyndaky dawanyň merkezi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG