Sepleriň elýeterliligi

Gazak polisiýasy protestçileri tutdy


Gazak polisiýasy şenbe güni Almatyda ýurduň milli pulunyň dewalwasiýasyna garşy gurnalan ygtyýar berilmedik proteste gatnaşan protestçileri tussag etdi.

Interfaks-Gazagystan habar gullugynyň ýazmagyna görä, Almatynyň Respublika skwerine 50 çemesi adam ýygnanyp, hökümetiň öz pulunyň, teňňäniň dollaryň garşysyndaky hümmetini peseltmek baradaky kararyna protest bildirdi.

Polisiýa halkany böwsüp geçjek bolan protestçilere gaýtargy berdi. Soňra protestçiler, sanlary 100-e golaýlap, şäher häkimliginiň binasyna tarap ýöriş etdiler. Onsoň şäher häkimligini goraýan polisiýa işgärleri olary tutmaga başlady.

Tussag edilen aktiwistleriň köpüsi polisiýanyň maşynyna mündürilip, başga ýere alnyp gidildi. Polisiýa näçe adamyň tussag edilendigini aýtmady.

Merkezi bank sişenbe güni teňňäniň dollaryň garşylygyndaky hümmetini 19 prosent çemesi peseltmek barada karar çykardy we bu ýagdaý ýurtda dowul ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG