Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kandidatlar wada berýär


Owganystanda prezidentlige dalaş edýän kandilatlaryň arasynda geçirilen ilkinji iki çekişmede kandidatlar ýurtda giň ýaýran korrupsiýa garşy göreşmegi we «Talyban» bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi wada berdiler.

Kandidatlaryň biri, öňki goranmak ministri Abdul Rahim Wardak korrupsiýa Owganystanyň hem içerki, hem halkara abraýyny gaty aşak gaçyrdy diýdi. Ol öz prezident hökmündäki ilkinji ädiminiň korrupsiýa garşy çäre görmekden başlanjagyny aýtdy.

Ozalky gubernator Gul Aga Şerzaý hem korrupsiýa garşy göreşmegi wada berdi.

Ozalky kanunçykaryjy Daud Sultanzaý ýurduň howpsuzlygyny berkitmek üçin «Talyban» bilen gepleşmegi wada berdi. Ol hökümet bilen halkyň aralygyndaky distansiýa durnuklylygyň esasy faktory diýdi.

Şerzaý we yslamçy kandidat Kutbuddin Hilal parahatçylyk gepleşiklerini alyp barmak üçin bitarap geňeş döretmek gerek diýdi.
XS
SM
MD
LG