Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durdy Baýramow aradan çykdy


14-nji fewralda Türkmenistanyň halk hudožnigi, akademik Durdy Baýramow 76 ýaşynda aradan çykdy.

Durdy Baýramow türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüşine uly goşant goşan hudožnikleriň biri hasaplanýar. Ýerli sungat muşdaklary onuň portret işlerine uly baha berýärler.

Ol 1938-nji ýylda doglup, Gyzylarabatdaky çagalar öýünde terbilenýär we 1959-njy ýylda Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesini tamamlaýar.

Soň ol Moskwada, Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutynda bilim alyp, ony 1965-nji ýylda tamamlaýar.

Durdy Baýramow Aşgabadyň Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesinde uzak ýyllar ýaşlara tälim berdi.

Geçen ýyl, 75 ýaşynyň dolmagyna gabatlanyp, Aşgabatda onuň eserleriniň sergisi gurnaldy.
XS
SM
MD
LG