Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň Diao Ýinanyň rejissýorlugyndaky «Gara kömür, ýuka buz» filmi Berlindäki kino festiwalynda şenbe güni iň gowy çeper filmleriň arasynda iň ýokary baýraga, «Altyn aýa» mynasyp boldy.

Hytaýly Liao Fan bolsa, bu filmde öňki polisiýa ofiseriniň roluny ussatlarça oýnany üçin, iň gowy aktýor hökmünde, «Kümüş aýy» baýragyny utdy.

Ýaponiýaly Haru Kuroki bolsa, Ýoji Ýamadanyň "Kiçijik jaý" filminde uruş wagtyndaky Tokioda seresap öý hyzmatçysynyň roluny oýnanlygy üçin iň gowy aktirisa adyny aldy.

Amerikaly Richard Linklater Berlinde «Oglanlyk» atly filmi üçin iň gowy režissýor diýen ada eýe boldy.

Wes Andersonyň "Uly Budapeşt Hoteli" atly filmi bolsa, jýuriniň uly baýragyna mynysyp boldy.
XS
SM
MD
LG